“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

16.10.2022

Köpçüligiň göwnünden turdy

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň aktýorlary Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr bölüminiň talyplaryna «Mülk» atly oýny görkezmek bilen, ussatlyk okuwyny geçdiler.

Dramaturg Gurbandurdy Nazarowyň bu gülküli oýnunyň temasy ähli döwürde-de möhümdir. Iki maşgalanyň bir üçegiň astynda ýaşaýan asuda ýagdaýy hemişe dawaly ýagdaýa geçmek howpy bilen doludyr. Bu oýunda-da şeýle bolýar. Spektaklyň edebi ýazgysyna görä, maşgalada ýüze çykan meseläni çözmäge molla we polisiýa işgäri kömek etmäge synanyşýar, ýöne netijesiz. Diňe uly doganyň ogly goşun gullugyndan gaýdyp gelip, bu iki maşgalany täze jaý gurmak teklibi bilen ýaraşdyrýar.

– «Mülk» oýny teatrymyzyň repertuarynda uzak wagt bäri bar – diýip, aktýor Parahat Akmyradow aýdýar. – Biz ony pýesa we sahna çykyşy boýunça nusgalyk oýnuň mysaly hökmünde talyplara görkezmek üçin saýladyk.

Hakykatdanam, Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň zalynda köplük bolan talyplar aktýorlaryň oýnuna we ýordumyň barha ýaýbaňlanýan hereketlerini duýgudaşlyk bilen yzarladylar. Kem-kemden ulalýan gündelik dawa-jenjelleriň manysyzdygyny görkezýän zaldaky dostlukly gülki oýnuň boýdan-başyna dowam etdi. Ahyrda talyplar bu hekaýatyň ähli aktýorlaryna: Halyga, ýagny Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Garajaýewe, onuň aýaly Ogulgerege – Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurbibi Nazarowa, Kerwene – Gerçek Orazmuhammedowa, onuň aýaly Suraýa – Çemen Ataýewa, molla – Sapar Hanalyýewe, polisiýa işgärine – Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Parahat Akmyradowa, Kössegiň ogluna – Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Kerimberdi Ýediýewe el çarpyşmalar bilen öz hoşallyklaryny bildirdiler.