
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



21.10.2022
«Ahal» we «Altyn asyr» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji aýlawyna ýeňiş bilen girişdiler
«Ahal» we «Altyn asyr» futbol boýunça ýokary liganyň toparlary[ arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji aýlawyna ýeňiş bilen girişdiler.
Paýtagtymyzyň Büzmeýin erabynda geçen 15-nji tapgyryň oýnunda häzirki çempion «Altyn asyr» Marynyň «Energetigini» 2:1 hasabynda utdy. Ýeňijilerden Altymyrat Annadurdyýew (30-njy minutda) we Begmyrat Baýow (75-nji minutda), garşydaş topardan Serdar Annamämmedow (84-nji minutda) tapawutlandylar.
Wise-çempion «Ahal» paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Balkanabadyň «Nebitçisini» 5:1 hasabynda ýeňdi. 7-nji minutda Röwşen Begjanowyň geçirien pökgüsinden soň meýdança eýeleri utulýardylar. 13-nji minutda Resul Hojaýew hasaby deňledi. Şondan 12 minut soň Şöhrat Söýünow «Ahalay» öňe çykardy –2:1. 42-nji minutda Elman Tagaýew «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparçasynyň artykmaçlygyny 3:1-e ýetirdi. Arakesmeden soň Mergen Orazowyň tälim berýän türgenleri Şanazar Tirkişow (53-nji minutda) we Ata Geldiýew (85-nji minutda) ýene iki pökgi geçirdiler.
Şu ýeňişden soň «Ahalyň» 41, ikinji ýerdäki «Altyn asyryň» 34, üçünji orundaky «Köpetdagyň» 25, «Merwiň» 23 utugy bar.
Ondan soňky orundaky Türkmenbaşynyň «Şagadamy» öz meýdançasynda «Aşgabatdan» 0:2 hasabynda utulyp, birinji dörtlüge golaýlaşmak mümkinçiligni elden giderdi. Bäşim Gurbandurdyýewiň (27-nji minutda) , Pirmyrat Soltanowyň (65-nji minutda) dürs urgylary myhmanlara ýeňiş getirdi.
Futbol boýunça Türkemnistanyň çempionatynyň 16-njy tapgyry 22-nji oktýabrda «Energetik» – «Merw», «Aşgabat» – «Köpetdag», «Nebitçi» – «Şagadam» toparlarynyň duşuşyklary bilen başlanyp, 23-nji oktýabrda «Altyn asyr» – «Ahal» toparlarynyň oýny bilen hem tamamlanar.