“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

19.10.2022

Baýramdurdy Nuryýewiň surat sergisi

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Baýramdurdy Nuryýewiň 55 yaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy surat sergisi açyldy. Baýramdurdy Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy. Ol döredijilik işine kinostudiýada başlapdy. Ähtimal, onuň özboluşly suratkeşlik äheňleri hut şonda emele gelendir, çünki onuň «Awçylar», «Japbaklar», «Mežnun» ýaly işleri erteki dünýäsiniň parçalaryny ýada salýar.

Baýramdurdy aga oba ilatynyň durmuşyny beýan edýän işleri örän gyzykly. Onuň «Bildiriş», «Baldan süýji düýş», «Mukam» we beýleki ajaýyp eserleri ýurdumyzyň ähli obalarynda bolup geçýän täsin wakalary beýan edip, tomaşyçylarda ýakymly täsir galdyrýan eserlerdir.

Serginiň bir bölümi portret žanryna berlipdir. Bu bölüm, esasanam, «Türkmenfilm» birleşigine dahylly myhmanlary özüne çekýär. Kino aktýorlary Sapar Ödäýewiň we Kerim Annanowyň portretleri örän ussatlyk bilen işlenipdir. Bu sergide Baýramdurdy Nuryýew döredijilginiň ýeten täze bir derejesini görkezipdir.

Dabarada ak telpek, gyrmyz don geýnen Baýramdurdy Nuryýew konserwatoriýanyň skripkaçylar toparynyň janly sazlary astynda türkmen suratkeşleriniň, sungat öwrenijileriniň we şekillendiriş sungatynyň janköýerleriniň gutlaglaryny kabul etdi. Sergi tomaşaçylarda diýseň ýakymly täsir galdyrýar.