
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



22.10.2022
Aşgabatda geçiriljek çäreler: ÝB-niň medeniýet hepdeligi, konsertler we teatr oýunlary
24-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi başlaýar.
Hepdeligiň çäginde türkmen we daşary ýurtly artistleriň bilelikdäki çykyşlary bolar. Hünäri tejribe alyşmaga we ÝB-ne agza ýurtlaryň medeni mirasy bilen tanyşmaga gönükdirilen sergiler, leksiýalar, ussatlyk sapaklary we beýleki çäreler guralar.
22-nji oktýabrda 18.00-da Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde italýan sazynyň «San Remo Aşgabatda» atly konserti bolar.
Şäheriň medeni durmuşynyň dürlüligine paýtagtdaky teatrlar-da goşant goşar.
Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry.
22.10.2022. «Saňa – ýalan, maňa –çyn» – 19:00;
23.10.2022. «Gülki agşamy» –19:00.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry.
22.10.2022. «Aýdym-sazly gülki agşamy» – 19:00;
23.10.2022. «Aýdym-sazly gülki agşamy» – 19:00.
24.10.2022. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Filarmoniýa orkestriniň we latwiýaly Wita Timermanäniň ýolbaşçylygyndaky horuň Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan bilelikdäki konserti 19: 00-da başlanýar.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry.
22.10.2022. «Yşk mekany Hindistan» oýnunyň öňgörmesi – 19:00;
A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry.
22.10.2022. «Külçejik» – 12:00;
22.10.2022. «Iki aganyň hyzmatkäri» – 19:00;
23.10.2022. «Zoluşka» – 11:00; 13:00;
23.10.2022. «Zoraýakdan tebip bolan» – 19:00.
Mollanepes adyndaky talyp teatry.
22.10.2022. «Gülki agşamy» –19:00;
23.10.2022. «Söýgi bar ýerinde» –19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry.
22.10.2022. «Külbejik» – 17:00;
22.10.2022. «Şadyýan şow» – 19:00;
23.10.2022. «Çagalyk älemgoşary» – 12:00; 17:00;
23.10.2022. «Söýgi bizi halas eder» – 19:00.