
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



04.11.2022
«TeatrALL» festiwalynyň netijeleri, Aşgabat teatrlarynyň gastrollary we medeni çäreleriň sanawy
Gazagystanyň paýtagtynda «TeatrALL» atly ikinji halkara teatr festiwaly tamamlandy. «TÜRKSOY» halkara guramasyna girýän ýurtlaryň döredijilik toparlary gatnaşdy.
Bu teatr hepdesinde Türkmenistandan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry «Arşyn mal alan» oýny bilen çykyş etdi. Artistler Aşgabada ýadygärlik diplomlary we medallar bilen gaýdyp geldiler.
Lebap welaýatynda paýtagtymyzyň teatrlarynyň gastrollary dowam edýär.
3-nji noýabrdan 8-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry «Hindi rowaýaty» oýny bilen Lebap welaýatynyň S. Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda çykyş eder.
14-nji noýabrdan 21-nji noýabr aralygynda bolsa A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň topary tomaşaçylaryň dykgatyna «Edermen towşan», «Andro we Sandro» oýunlaryny hödürlär.
Şeýle hem, Aşgabatda konsertler we teatr çykyşlary geçiriler.
Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry:
05.11.2022. «Gülki agşamy» – 19:00;
06.11.2022. «Seniň wepaň üçin» – 19:00..
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
05.11.2022. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti – 19:00;
06.10.2022. «Gülki agşamy» – 19:00.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
05.11.2022. «Lukman gelinlik» – 19:00;
06.11.2022. «Täze maşgala» –19:00.
A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:
05.11.2022. «Böwenjik» – 12:00;
05.11.2022. «Zoraýakdan lukman bolan» – 19:00;
06.11.2022. «Ädikli pişik» –11:00; 13:00;
06.11.2022. «Uýalar» – 19:00.
Mollanepes adyndaky talyp teatry:
05.11.2022. «Süýji durmuşyň gapysy – 19:00;
06.11.2022. «Söýgi bar ýerinde» – 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
05.11.2022. «Jadyly ýaglyk» – 17:00;
05.11.2022. «Çagaly öý – bazar» – 19:00;
06.11.2022. «Balykçy we balyjak» – 12:00; 17:00;
06.11.2022. «Şadyýan şow» – 19:00.