
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



24.11.2022
Türkmenistanyň futzal boýunça Super ligasynda iki topar öňdeligi eýeleýärler
Futzal boýunça Türkmenistan – 2022 Super ligasynyň ýigriminji tapgyryndan soň, her birinde 51 utugy bolan «Köpetdag» bilen «Deňizçi» öňdeligi eýeleýärler.
Ýaryşda şeýle ýagdaý Daşoguz tapgyrynyň ikinji oýun gününden soň mälim boldy. Onda Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Deňizçi» topary «TNGIZT» toparyny 11:1 hasabynda, wise-çempion «Köpetdag» topary bolsa «Milli goşun» toparyny 5:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Tapgyryň beýleki iki oýnunda «Senagatbank» topary 4:1 hasabynda «Gümrükçini» utmak bilen, 38 utuk gazanyp, ýaryşda üçünji orna çykdy. «Ahal» topar Türkmenistanyň Super ligasyna ilkinji gezek gatnaşýan «Daşoguz» toparyny sähelçe agdyklyk, 3:2 hasabynda ýeňdi hem-de häzirki wagtda bu toparda, 12 utuk bar.
Türkmenistanyň futzal boýunça Super ligasynyň 21-nji tapgyrynda «TNGIZT» – «Köpetdag», «Ahal» – «Deňizçi», «Milli goşun» – «Gümrükçi» we «Senagatbank» – «Daşoguz» toparlary duşuşarlar.