
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



02.01.2023
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Geçen ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, özara hormat goýmak, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar depginli ösüşe beslendi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk ösdürilýär, sebitlerimiziň, işewür, jemgyýetçilik toparlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar giňeldilýär.
Täze ýylda bilelikdäki tagallalarymyz arkaly Russiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, täze taslamalary we başlangyçlary amala aşyrmak üçin oňaýly şertleri döretmegi dowam etdirjekdigimize berk ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Size bagtly Täze ýyly arzuw edýärin.
Li KESÝAN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Narendra MODI,
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
2023-nji ýylda özara bähbitli ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň halklarymyzyň arasynda taryhyň dowamynda kemala gelen birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňizi täze, 2023-nji ýyl bilen gutlaýaryn hem-de Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym hem-de dostluk baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz,
Şeýh Mohammed bin
Raşid Al MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň
wise-prezidenti, Premýer-ministri,
Dubaýyň häkimi.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Russiýa bilen Türkmenistanyň özara hormat goýmak, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň depginli ösüşini kanagatlanma bilen belleýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň baý kuwwatyny açyp görkezýän bilelikdäki işleri halklarymyzyň bähbidine, şeýle-de Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine dowam etdirmegi maksat edinýäris.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, güýç-kuwwat we täze üstünlikleri, ýurduňyzyň raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin!
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň
Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň
orunbasary.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Täze ýyl baýramçylygy her bir öýe şatlyk paýlaýar, ýakynlaryň bilen bilelikde bolmagyň ajaýyp pursatlaryny sowgat berýär hem-de kalbyňy röwşen geljege bolan umyt bilen doldurýar. Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, rowaçlyk, bagtyýarlyk, ähli işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.
Goý, Size we Siziň maşgalaňyza hemişe rowaçlyklar ýar bolsun!
Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Sizi täze, 2023-nji ýyl bilen gutlaýaryn.
Li ÇŽANŞU,
Hytaý Halk Respublikasynyň halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň
hemişelik komitetiniň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Siziň Alyhezretiňizi, Siziň maşgalaňyzy we Türkmenistanyň halkyny täze, 2023-nji ýyl bilen gutlamak meniň üçin uly hormatdyr. Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk we üstünlik arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Husseýn Brahim TAHA,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
Baş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Täze, 2023-nji ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu ýyl doganlyk Türkmenistan üçin Siziň beýik başlangyçlaryňyzyň netijesinde rowaçlygyň we ähli ulgamlardaky uly üstünlikleriň ýyly bolsun!
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan işleriňizde üstünlikleri eçilmegini dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Faýsal bin Naser bin Hamad Al TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler
maşgalasynyň agzasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Geçen ýyl dünýäniň köp ýurtlary we halklary üçin agyr synaglaryň ýyly boldy. Ýöne biz Beýik Biribaryň rehim-şepagatyna bil baglap, geljege umyt bilen garaýarys hem-de parahatçylyk we abadançylyk eçilmegini, dünýäde adalatyň rowaçlanmagyny dileýäris.
Rus Prawoslaw buthanasynyň döwlet we jemgyýetçilik institutlary bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň durmuşynda söýgi we raýdaşlyk taglymlarynyň berkarar bolmagyna mundan beýläk-de ýardam berjekdigine umyt edýärin.
Size egsilmez şatlyk we ähli asylly işleriňizde hem-de başlangyçlaryňyzda Beýik Biribaryň ýar bolmagyny arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
KIRILL,
Moskwanyň we bütin Rusuň Patriarhy.