“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi

Täzelikler

назад

26.02.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi guwandyryjydyr” diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň hatynda bellenilýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.