
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



24.02.2023
Antonio Onorato: italiýan saz medeniýetiniň ussady
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda italýan kompozitory we gitaraçysy Antonio Onoratonyň Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy.
Antonio Onoratony aşgabatly tomaşaçylar we paýtagtymyzyň myhmanlary bilen tanyşdyranda, Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari köpden bäri türkmen dostlaryny bu gitaraçy bilen tanyşdyrmagyň arzuwyndadygyny, sebäbi onuň Italiýanyň iň gowy gitaraçylaryndan biridigini aýtdy.
Antonio Onorato öz döredijiliginde neapol sazyny afro-amerikan, Ýakyn Gündogar we Braziliýa sazlary bilen birleşdirmek bilen, özüni neapol kompozitory hasaplaýar. Şol esasda şahsy sazlary emele gelipdir. Italiýaly kompozitor 30 töweregi albom çykarypdyr. Golaýda onuň döredijiligi barada «Antonio Onorato ... jaz we diňe jazam däl» atly kitap çapdan çykdy.
Antonio Onoratonyň tomaşaçylara hödürlän ilkinji kompozisiýasy Mosartyň, Harleniň we özüniň eserlerini içine alýar. Onuň ady bolsa «Örän, örän köp» diýmegi aňladýan neapol sözüdir.
Konsertiň dowamynda italýan gitaraçysy we kompozitory tomaşaçylary diňe bir improwizasiýa eserleri bilen tanyşdyrman, eýsem birnäçe gitaranyň owazy bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Olaryň biri üýtgeşik – üflenip çalynýar, Antonio ony indeý sazandalaryndan alypdyr. Ol dosty R. Danieliň iki eserini: «Meniň şäherim» we «Haçan» eserlerini ýerine ýetirdi.
Soňra Onorato aýdym-saz söýüjilerini soňky albomyndan täze eserleri bilen tanyşdyrdy. Konsert meşhur jaz aýdymçysy Maýsa Nyýazowanyň gatnaşmagy bilen tamamlandy. Maýsa italiýaly gitaraçynyň sazandarlyk etmeginde Dominiko Modunýonyň «Wolare» atly aýdymyny ýerine ýetirdi. Türkmen aýdymçysynyň çykyşy Antonio Onoratonyň konsertine ajaýyp we ýakymly öwüşgin berdi.