
“Maryawtoulag”
önümçilik birleşigi
Täzelikler



05.03.2023
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Täjigistan Respublikasynyň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen gar süýşgünleriniň pajygaly waka getirmegi zerarly bildiren çuňňur gynanjyňyz we duýgudaşlygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.
Şeýle agyr pursatda Siziň we Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bu goldawyna biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, raýdaşlygyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy hökmünde garaýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.